UMYT HAKDA

UMYT, Mukaddes Kitapda ýaradylyşdan tä Mesihiň wada berlen gelşine dek aýan edilişi ýaly Hudaýyň halas ediş hekaýaty baradaky 80 minutlyk epiki hem-de dramatik çeper filmdir. Mars Hill Productions hem-de dünýäniň dört künjegindäki çeper film guramaçylarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygy arkaly öndürilen UMYT filmi ähliumumy täsirine iki görnüşde düşünip bolar:

TERJIMELER HEM-DE UÝGUNLAŞDYRMALAR

UMYT filmini köp dilde terjime etmek hem-de medeniýetlere görä uýgunlaşdyrmak üçin bütindünýä hyzmat guramalary Mars Hill bilen hyzmatdaşlyk etdiler. Häzirki wagtda bu terjimeler bütin dünýääki hyzmat guramalary tarapyndan dürli etraplarda we merkezlerde giňden ulanylýar: uzakdaky jeňňelik oba ýerleinde, ýokary okuw jaýlarynda, hemra arkaly görkezilýän tele-ýaýlymlarda. Yzygiderli täze terjime we uýgunlaşdyrma proýektleri başlaýandyr, emma entägem dünýäde UMYT filmine öz ene dillerinde eýe bolup peýdalanyp bilmeýän müňlerçe ilat bardyr. Mars Hill guramasynyň maksady, UMYT hyzmaty arkaly Hudaýyň her dilden, her tireden we her halkdan bolan Öz perzetlerini ýygnamak isleginiň amala aşmagyna kömek etmek bilen Iň Soňky Tabşyrygyň ýerine ýetirilmegine strategiki görnüşde gatnaşmakdyr. Amala aşyrylan proýetkleriň we häzirki wagtda dowam edýän proýektleriň ýagdaýy hakda has köp maglumat edinmek ýa-da täze bir proýekt başlatmak üçin şu web sahypa göz aýlaň: www.hopepartnering.com.

INTERNET

UMYT’yň internet hyzmaty häzirki döwürki dünýämizde Hudaýyň azat edýän söýgüsi baradaky hekaýaty wagyz etmegiň örän oňat ýoludyr. Bu hyzmat arkaly dünýäniň dört künjegindäki adamlar Hudaý bilen nädip gatnaşyk gurmagyň ýoluny tapýarlar. Bu web sahypada elýeterli bolan wideo we dowamyndaky okuw kitaby Mars Hill Productions hem-de Bütindünýä Metbugat Goldawy (Hudaýy tanamak hakdaky soraglar üçin dowam etdirilýän hyzmat) tarapyndan mugt üpjün edilýändir.